RUSSIAN FILM FESTIVAL
Ermitajyň pişikleri
Winsent atly ýaş pişik Moris atly syçanjyk suw joşmasyndan halas bolmak üçin gadymy saz guralynda gizlenýärler. Ony deňizçiler tapyp Sankt-Peterburg şäherine iberýärler. Ol ýerde bolsa gahrymanlar Ermitajda düşýärler. Muzeýde Winsent, sungat eserlerini asyrlar boýy syçanlardan we beýleki zyýan berijilerden goraýan saýlama pişik topary bilen tanyşýar. Winsent hakyky pişik maşgalasy bolmagy arzuw edýär, ýöne janyny halas eden dosty Morisi ýitirmek hem islemeýär. Winsent bir "kiçijik ejizligi" bolan dostuny gizlemeli bolýar - Moris surat eserlerini iýmegi gowy görýär. Ermitaja adamzadyň iň ajaýyp suratlarynyň biri bolan Mona Lizanyň portreti gelmegi bilen ýagdaý hasam çylşyrymlaşýar sebäbi ony dişlemek ähli syçanlaryň arzuwy ahbetin. Emma ne Winsent, ne-de Moris, ne-de Ermitajyň beýleki pişikleri suratyň ogurlanjak bolýanlygyna şübhelenmeýärler. Indi Winsent eseri halas etmek, muzeýiň abraýyny goramak we Müsüriň zalyndan Kleopatra atly pişigiň söýgüsini gazanmak üçin ähli ussatlygyny we edermenligini görkezmeli bolar.
Produced: 2022 Genre: animation, comedy Duration: 83 Director: Vasiliy Rovenskiy Producers: Roman Borisevich, Vasiliy Rovenskiy, Maxim Rogalskiy Main Cast: Roman Kurtsyn, Diomid Vinogradov, Polina Gagarina, Pavel Priluchny, Alexander Gavrilin, Anton Eldarov, Irina Kireeva, Alexey Voityuk