Produced: 2020 Genre: drama, sport Duration: 100 min Director: Elena Hazanova Main cast: Victoria Isakova, Maksim Sukhanov, Vladimir Yaglych Producers: Olga Danova
Kyrk ýaşynda Marina Gordeýewa özi üçin duýdansyz fridaýwingi – ekstremal suwasty ýüzüşi açýar. Çuňluga çümmek bilen, ol öz gorkusyna we adamyň mümkinçilik çäklerine çagyryş oklaýar. Wiktoriýa Isakowa, Wladimir Ýaglyç, Maksim Suhanow, Artýom Tkaçenko we Stasýa Miloslawskaýa Ýelena Hazanowanyň "Ýalňyz dem" atly demiňi tutujy sport dramasynda. "Draýwingiň melikesi", 41 sany dünýä rekorduny goýan Natalýa Molçanowa baş gahrymanyň prototipi boldy. Filmiň üçden bir bölegini tutýan deňi-taýy bolmadyk suwasty düşürilen kadrlaryň rus kinosynda aklyňy haýran edýär. Marina Gordeýewa – gözüň gider ýaly däl, ýöne umuman alanyňda adaty ykbally kyrk ýaşly zenan. Ol kiçiräk şäherde ýaşaýar, halamaýan işinde işleýär; nikasy bozulýar, çagalary ulaldy, öz kakasy bilen gatnaşyklary oňanok. Marina tas tötänden diýen ýaly özünde fridaýwinge – demiňi tutup, çuňluga ýüzmäge bolan zehini açmadyk bolsa, hemme zat şu durşuna gider oturardy. Ýaşyna, daş-töweregindäkileriň düşünmezligine we ölüm howpuna garamazdan, Marina sportuň Russiýada heniz köpçülige giňden ýaýramadyk görnüşi bilen çynlakaý meşgullanyp başlaýar. Ýaşy durugşan sportçy zenan henize çenli hiç bir zenanyň başarmadyk işini edýär. Onuň gorkusy hem geçmiş ýaralary arkada galýar, öňde bolsa, – erkinligiň hut özi ýaly özüne çekiji hem howply deňiz çuňlugy. Hakykatda bolan wakalaryň esasynda ýazylan güýçli "Ýalňyz dem" dramasyny biziň onlaýn-kinoteatrymyzda görüp bilersiňiz.