RUSSIAN FILM FESTIVAL
Şowly
Produced: 2021 Genre: comedy, drama Director: Vladimir Shchegolkov Main Cast: Yevgeny Tsyganov, Maksim Lagashkin, Svetlana Khodchenkova Producers: Vladimir Shchegolkov
Ýerlikli ýumorly we syrly rus kalbynyň ýumşak keşbi görkezilen, aktýorlaryň ýyldyz topary düşen pähimli tragikomediýa. Ýewgeniý Syganow serhoş däl sürüjiniň keşbini janlandyrýar, ol keseki meseleleri çözýär, emma özüniňkini öňküden beter bulaşdyrýar. Ol biziň durmuşymyzyň paradoksy hakynda ruhlandyryjy dessan, ol ýerde komediýa drama bilen baglanşykly bolsa-da, özüňi taraşlamak we hoşniýetlilige-de hemişe ýer bar. Bu ajaýyp filmde adamkärçilikli polisiýa işgäriniň keşbini döreden Maksim Lagaşkin, Swetlana Hodçenkowa, Kirill Kýaro, Zoýa Berber, Ýuliýa Snegir we iň soňky keşbini döreden Wladimir Menşow dagy bar.
Spidweý boýunça öňki çempion Iwan Potapow özbaşdak sürüji boluň gazanç edýär. Mototrekde alan şikesi sebäpli, ol sporty dowam bilmeýär. Serhoş dawalar, tötänleýin zenanlar we durnuksyz aýlyk sebäpli maşgalasy dagaýar. Ogly indi ejesi we öweý kakasy bilen ýaşaýar. Iwan özüni gelejege maksatsyz we meýilnamasyz orta ýaşly erkek adam hökmünde duýýar. Ýöne, şahsy meselelerine garamazdan, ol ýolunda duş gelýän islendik nätanyş adamsyna kömege gelmäge taýyn. Sekiz seriýanyň dowamynda Iwan hut şeýle işlere gümra bolup geçýär. Ölüp barýan garry, aýaly aldan millioner, howa menziline barýan ýoldan doňup barýan rawwin, klofelinden zäherlenen müsürli dirižýor, çagyrylýan juwan gyz we ýene, ýene beýlekiler onuň müşderileri. "Azaşan ruhlaryň" her biri bilen Iwan özünden geçip, süýrenişip ýör. Oňa aklyňa sygmajak ýagdaýlardan baş alyp çykmaga kömek edýän zat – öz-özüňi taraşlamakdyr. Şeýle-de ýene bir dosty - parahor, ýöne wäşi hem ruhy mähirli polisiýa işgäri.
<
BACK TO PROGRAM